WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýaş nesli hakyky watançylyk ruhynda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy, aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekleri üçin ähli şertleri üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň saglygy barada alada edip, ýaşlaryň zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda hemmetaraplaýyn bilimli, terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns berilýär. Täze taryhy eýýamda bu ýörelgeler döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri özbaşdak durmuşa taýýarlamak, olarda ýokary ahlak we watançylyk duýgularyny pugtalandyrmak hem-de ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Türkmenbaşy Jins Toplumynyň Ilkinji Ýaşlar guramasy hem-de Türkmenbaşy Jins Toplumynyň Kärdeşler Arkalaşygynyň bilelikde gurnamagynda  “Arkadagyň paýhasyndan rowaç alýan zamana”  atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş eden wekiller Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatynyň, aýratyn hem ýaşlaryň ylymly, bilimli, sagdyn bedenli, ruhy taýdan arassa, watan söýüji bolmaklary, halal işlemekleri, asylly zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Geldimyrat BAGŞYÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Türkmenbaşy Jins Toplumynyň

ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

19 Iýun 2025 | 1 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

19 Iýun 2025 | 1 okalan

SAGDYN NESIL, SAGDYN JEMGYÝET!