“TÜRKMEN-MAHABAT” KÄRHANASYNYŇ MOZAIKALARY DÖWREBAP ÝAŞAÝYŞ JAÝLARY BEZEÝÄR

“Türkmen-mahabat” hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde gurulýan desgalaryň çeper bezegi 5 müň inedördül metr mozaika modullaryny ulanýarlar. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä mozaika pannolary binalarynyň gümmezlerini, çüwdürimleri, medeniýet seýilgähiniň ýollaryny we beýleki jemgyýetçilik ýerlerini bezeýär. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki abtomatlaşdyrylan kärhanada ulanylýan mozaika parçalaryny we şu wagtky nagyşlaryny öndürmek tehnologiýalaryny monimental kompazisiýalarynyň ýokary hilli üpjün etmäge mümkinçilik berýär. “Türkmen-mahabatyň” hünärmenleri diwar suratlarynyň senagat tehnologiýasyny hem-de ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalarynyň içki bezegi üçin häzirki zaman önümçiligini özleşdirdiler. Häzirki wagtda suratlary ýokary tehnologiýaly sanly enjamlar-ultra melewşe çap üçin uly formatly häzirki zaman enjamlar bilen döredilýär. Kärhananyň hünärmenleri awtoryň ýokary hilli aýdyň jaý içi neşiri üçin zerur bolan ähli talabalaýyk gelýän şekildir suratlar ýygyndysyny jemläp suratlaryny diwarlara berkitmek üçin ýokary maýyşgakly plastik gurluşyk matriallarynyň we mineral hem antibaktrial goşundyly akril ýelimiň üsti bilen işläp taýýarlaýalar. Magtymguly şaýolynyň ugrundaky ýerleşýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daşky diwarlarynda reňkli aýnanyň böleklerinden 32 sany çeper panno döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan ýokary hilli köp gatly jaýlaryň daşky diwarlarynda şol kärhananyň hünärmenleri tarapyndan reňkli aýnanyň böleklerinden çeper panno üsti bilen bezeg işleri edilýär. Şeýle döwrebap kärhanalaryny açyp ulanmaga berýän Gahryman Arkadagymyza hormatly prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýtýas goý Gahryman Arkadagymyzyň hormatly prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak bolsun tutymly işleri rowaç alsyn.

 

Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk

etrap geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI