Uly öndürijilik kuwwaty bolan bu toplum öz işini 1995-nji ýylda tikinçilik sehinde başlady. 1997-nji ýylda bolsa, Jinsi önümlerini öndürýän toplum işe girizildi. Ine biziň toplumymyzda jemi 3000-den gowrak hünärmen, tikinçilik sehinde 2 çalşyk, beýleki bölümlerde bolsa, 3 çalşyk zähmet çekýärler. Matalara bolan isleg, esasan, çig mal bolan süýümleriň häsiýetlerine baglydyr. Jinsi önümleri ýüplük egriji sehimizde pagta süýümlerinden egrilip, taýýarlanylýar. Mata önümlerinde has uly estetiki talaplar bildirilýär. Şol sebäpli jinsi matalaryny hem iň gowy reňkler bilen, döwrebap biçüwde öndürilmäge uly üns berilýär. Önümleriň agramly bölegi buýurmalar esasynda dokalyp, isleg bildirilen reňkine, sanyna, şeýle-de, ölçegine görä reňklenip, biçilýär hem-de tikilýär. Tikilenden soňra serenjam bölüminde gözden geçirilýär we etiketkaly, taýýar önümler gaplanýar. Bizde öndürilen jinsileriň hem dürli görnüşleri bar. Adatça pagta süýüminden dokalan jinsi matasyny önümleri çydamlylygy, ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Toplumda dürli görnüşli gysga we uzyn jalbarlar tikilip, çagalara hem-de uly ýaşlylara niýetlenen penjekler, ýeňsizler.... umuman, jinsi matasyndan tikilýän ähli görnüşdäki egin-eşikler taýýarlanylýar hem iri pudaklaryň biri hasaplanylýar. Hakykatdan hem, jinsi önümleri diňe içerki bazarlarmyzda däl, eýsem, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Ispaniýa we Türkiýe döwletlerine eksport edilýär. Gelýän buýurmalaryň we ýokary hilli jinsi önümçiliginiň gerimi barha giňeýär. Muňa mysal edip, ata Watanymyzyň ösüşleri bilen bir hatarda, döwrüň talaplaryna görä, ýokary hilli, täze biçüwlerde, sazlaşykly reňkde öndürilýän dürli görnüşli jinsi önümlerini görkezmek bolar. Şu pursatdan peýdalanyp ýurdumyzyň dokma pudagyny ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza berk jan-saglyk, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işlerine rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Geldimyrat BAGŞYÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň Türkmenbaşy Jins Toplumynyň ilkinji
Ýaşlar guramasynyň başlygy.