Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işler hemem beýik özgertmeler amala aşyrylyp, zähmet söýer halkymyzyň şol sanda ýaş nesilleriň eşretli durmuşynyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy ylymly ýokary hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber üns aladasyna eýlenen bu asylly ýörelgeleriň hözirini türkmen ýaşlary durmuşyň her bir ädiminde duýup ýaşaýarlar. Iň täze nusgada gurlan bilim ojaklarynda sowat öwrenip, hünär okuwynda aňyny taplap önümçilik iş usullaryny bir kemsiz özleşdirýän kämil nesiller halk hojalygymyzyň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýärler.
Berkarar döwletimizde halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Munuň özi her bir adamyň esasanam ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýaryp, nesillerimize olaryň ýagty ertirine bolan beýik ynamyna ynam goşýar. Edep-terbiýe halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen ösýär. Taryhyň ýollarynda kämilleşýär. Adamlaryň aňynda orun alýar. Şeýlelikde nesilme nesil dowam edýän mizemez ýörelgelere öwrülýär. Ata watanyny eý gören ata-babalarymyz şu günki hem geljekki nesillere halallyk ýoluny, edep-terbiýäni gymmatly miras galdyrypdyrlar. Pederlerden dowam edip gelýän asyllylyk, halallyk, dogdyk mekanymyza mähriban halkymyza agzybirlik ýolumyza wepalylyk zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň biri hasaplanýar.
Ýaşlaryň edep-ekramly bolup ýetişmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Her bir Ata-ene perzendine mähir duýgusyny siňdirip kemala getirýär. Ata-enäni sylamak perzende parzydyr. Ýaşuly nesli sylamak, kiçä hormat goýmak türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir.
Ata-babalarymyz çaga eziz, edebi ondanam eziz diýmek bilen watansöýüjilik, ynsanperwerlik, batyrlyk, halallyk ýaly terbiýeçilik ýörelgelerini çaganyň kalbyna ol heniz sallançakdaka guýup başlapdyrlar. Körpeler mährem enelerimiziň watansöýüjilige, adamkärçilige eýlenen hüwdileriniň şirin owazyndan ganyp uka gidipdirler. Türkmen maşgalasynda çaganyň her bir pursady ünsden düşürilmän, ol asyl däp-dessurlara, bagtyýarlylyk eçilýän toý baýramlara beslenýär. Biz muňa bäbek toýy diş toýy, galpak toýy, durmuş toýy ýaly gadymy ýörelgelerimiziň mysalynda göz ýetirýäris.
Edep her bir halkyň asyrlaryň dowamynda toplap kämilleşdiren, nesillerden nesillere geçirip gelýän ahlak kadalarynyň, gylyk häsiýet düzgünleriniň jemidir. Şol gylyk häsiýetleri, ahlak düzgünleri özleşdirmegiň başaran her bir adamyň özüni alyp barşy öz halkyna laýyk gelýär. Türkmen halkynyň edep kadalary türkmen nesli üçin nusgadyr, görüm-göreldedir, ýol-ýörelgedir. Türkmen halky öz perzentleriniň bagtyýar, has kämil bolmagyny isläp, nesilleriň aňyna edep-kadalaryny guýmagyň dürli ýollaryny agtarypdyrlar.
Türkmen edebiýaty türkmen halkynyň edep kadalaryny nesillerden nesillere geçirmegiň iň kämil mekdebidir. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemek işinde halk döredijilik eserlerimiziň, dessandyr, şadessanlarymyzyň ähmiýeti uludyr. Edebi mirasymyzda watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, edermenlik, zähmetsöýerlik ýaly ruhy dünýämiziň iň naýbaşy gymmatlyklary jemlenendir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milli terbiýäniň gözbaşydyr. Magtymgulynyň halk paýhasyndan kemal tapan döredijiligi ýaş nesliň pederlerimiziň ruhy ýörelgelerine wepaly bolup ýetişmekleri üçin parasatly öwüt-ündewleri özünde jemleýär. Ynsanyň islendik meselede akyl paýhasly hereket etmeginiň wajypdygy, kämillige tarap her kimiň özüniň ymtylmalydygyny edep terbiýäniň her bir ynsan üçin derwaýysdygy ündelýär.
Türkmen halky perzendini aýratyn mähir muhabbet bilen gurşap alýar. Göreldäň, söýgüň, hormatyň, mähriň, sylagyň güýji bilen çaganyň kalbyna nusgalyk edep kadalaryny guýýar. Milli terbiýeçiligiň bu ajaýyp ýörelgesi barada taryhyň dürli döwürlerinde türkmen topragynda bolan daşary ýurtly alymlar, haýran galmak bilen belläpdirler. Ilhalar nesli terbiýeläp ýetişdirmekde, maşgala terbiýesiniň aýratyn orny bardyr. Agzybir, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýan maşgaladan kämil şahsyýetler kemala gelýär. Mekdep edep terbiýäniň ojagy hasaplanýar. Her bir maşgalanyň bilim terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň borjy çagalara bilim terbiýe bermekde pederlerimiziň edebi mirasyndan şöhratly taryhymyzdan milli däp-dessurlarymyzdan ugur alyp döwrebap düşünjeli ýaş nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Bu barada Hormatly Prezidentimiz Biziň ýaşlarymyzyň sözüň doly manysynda sowatly ýokary terbiýeli nesil bolup ýetişmegini dünýä ylmynyň tehnikasynyň we medeniýetiniň gazananlarynyň genji hazynasyna mynasyp goşant goşmaklaryny gazanmak maksady bilen ähli şertleri döretmek wajypdyr diýip belleýär.
Ruhubelent watansöýüji ýaşlaryň köňli ak, päli pes, zanny halal, adamkärçilikli bolýarlar. Olar özüni alyp barşynda, edýän işinde deň-duşlaryna görelde görkezýärler. Ýaşlaryň iň gowy häsiýetleriniň biri adamkärçilikdir. Adamkärçilik düşünjesiniň çygry juda giň bolup oňa watansöýjülik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, dostlyk, doganlyk, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik, haýyr iş bilen meşgul bolmak ýaly birnäçe asylly häsiýetler girýär. Hormatly Prezidentimiz watana wepaly bolmakda zähmetsöýerlikde, ynsanperwerlikde, halallykda siz beýlekilere nusga bolmalysyňyz diýip ýaşlara sargyt edýär.
Watançylyk terbiýesi nesillerde geçmişine, ata-babalaryň asyrlaryň dowamynda döreden medeniýetine, bereketli topragyna, medeni we ruhy gymmatlyklaryna buýsanç duýgusyny emele getirmekdir. Durmuşda dogruçyllygam örän möhüm häsiýete eýe bolup ynsany bezeýän belent adamkärçiligi ahlak sypatlarydyr. Ýaşlaryň iň gowy duýgularynyň biri dostlyk, birek birege bolan wepalylykdyr. Il güne ýagşylyk etmek bolsa ýaşlara uly hezzet hormat getirýär. Bu barada akyldar Magtymguly Pyragy Ýagşylykda ile özüni tanadan alkyş alyp derejesi zor bolar diýip, ýagşylygyň ynsanyň mertebesini beýgeldýändigini nygtaýar.
Ýaşlaryň ruhy ahlak terbiýesinde maşgala terbiýesiniň orny uludyr. Ata-babalarymyz ýaşlary terbiýelemegi zähmete ugrukdyrmagy esasy wezipe edipdirler. Ene mamalarymyz ýaşlygyndan başlap, gyz perzentlerine edepliligiň ilkinji endiklerini kemala getirmäge zähmete ugrukdyrmaga uly üns beripdirler. Hormatly Prezidentimiz eneler hemem çagalar hakynda bimöçber alada edýär. Köp çagaly enelere ýurdumyzda aýratyn üns berilýär. Mähriban Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn işler maşgala ojaklarynyň berkemeginde diýseň ähmiýetlidir. Maşgala agzalarynyň hoşniýetlik gatnaşyklary tutuş jemgyýetiň jebisliginiň, agzybirliginiň, döwletiň kuwwatlylygynyň başlangyç esaslary bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň Ýaşuly nesle goýýan uly hormat sylagy her işde öz beýanyny tapýar. Ýaşulularyň ýaş nesilleri asyllylyk, halallylyk, watansöýüjilik, zähmet söýerlik ruhunda terbiýelemekdäki aýratyn hyzmatlary türkmen jemgyýetiniň durmuşynda mynasyp orun eýeleýär. Ýaşulular mährem eneler özleriniň wagyz nesihatlary bilen binýady berkden tutulan eziz diýarymyzyň öňkidenem kuwwatlanylmagynda ýaş nesillerimiziň watansöýer, türkmene mahsus edep-terbiýeli bolup ýetişmeklerinde özleriniň nusga alarlyk göreldesini görkezýärler. Bagtyýar döwrüň pähim-paýhasly ýaşululary, ak saçly eneleri biziň guwanjymyzdyr. Mylakatlylyk güler ýüzlülik, açyk göwünlilik ynsan häsiýetleriniň naýbaşylarydyr. Birek-birek bilen mylakatly bolmak ynsany bezeýän iň gowy häsiýetlerdir. Hoş gylykly adam hemişe ynsanlaryň söýgüsini gazanyp bilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň ruhy ahlak ýörelgeleri ösýär hemem pugtalanýar. Ýurdumyzda watansöýüji, adamkärçilikli, ylymly ýokary hünärli nesliň ösüp ýetişmegi babatynda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent tutumlary rowaç alsyn.
Näzik ATAÝEWA
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.