Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda
türkmenistanly türgen Rejepbaý Rejepowyň kümüş medal gazanmagy Halkara Bitaraplyk gününe mynasyp sowgat boldy.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda sport äleminde «Haýsy türgen uly ýaryşda ýeňiş gazanarka?» diýlip hem garaşylýardy. Çünki watandaşlarymyzyň her biri türkmen tugunyň belende galan pursadyny görmek isleýär. Şu ýerde hem sportuň parahatçylygyň ilçisi bolmak bilen birlikde tutuş halky jebisleşdirýändigine ünsi çekmek isleýärin. Şol döwürden söhbet açýan sözler bolsa her bir sport muşdagyna tanyşdyr:
«1993-nji ýyl. Melburn. Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty». Bu maglumat sportdan azda-kände habarly adamyň göz öňünde ady rowaýata öwrülen ildeşimiz, agyr atletikaçy Altymyrat Orazdurdyýewi janlandyrar. Şol ýaryşda Altymyrat Orazdurdyýew 3-nji gezek dünýä çempiony bolmagy başardy. Ol şonda ilkinji gezek Garaşsyz Türkmenistanyň ýaşyl tugunyň astynda çykyş etdi. Şondan soňra aýlar aýlandy, ýyllar geçdi. Ähli watandaşlarymyzy galkyndyran döwrüň başlanmagy bilen sportda gazanylan üstünlikleriň hatary uzap ugrady.
Senenamada 2017-nji ýyl. Aziýa oýunlarynyň ýarym asyrdan gowrak wagty öz içine alýan taryhynda geçirilen iň wekilçilikli yklym ýaryşyny Aşgabat şäheri kabul etdi. 3 yklymdan 65 wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň olimpiýa görnüşleri, şol sanda agyr atletika boýunça hem ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryşa taýýarlygyň çäginde guralan Aziýa çempionatynda Rejepbaý Rejepowyň gazanan kümüş medaly «Aşgabat 2017» oýunlarynda altyn medala öwrüldi. Hut şol ýylyň özünde hem Anahaýmda geçirilen dünýä çempionatynda 1993-nji ýylda Melburnda gazanylan üstünlikden soňra ilkinji türkmen agyr atletikaçylary hormat münberine çykdylar. Aşgabatda guralan Aziýa oýunlarynda gazanylan üstünlikden ruhlanan ildeşlerimiz (Rejepbaý Rejepow bilen Kristina Şermetowa) kümüş medallar bilen Watanymyza dolandylar.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesi Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni özüne çekdi. Olar 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatyny kabul etmegi Türkmenistana ynandylar. Aşgabatda sebitimiziň iň kämil we döwrebap sport desgalar toplumy hasaplanylýan Olimpiýa şäherçesinde agyr atletika boýunça nobatdaky dünýä çempionaty geçirildi. Şol çempionatda Ýulduz Jumabaýewanyň gazanan altyn medaly türkmen janköýerleriniň ýadynda galdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ilkinji olimpiýa medalyna hem agyr atletikaçy türgen mynasyp boldy. Polina Gurýewanyň gazanan kümüş medalynyň üstüni Rejepbaý Rejepow ýene bir medal bilen ýetirip bilýärdi...
Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde guralan nobatdaky dünýä çempionatynda 81 kilograma çenli agramdaky çykyşlary teswirlän iňlis sport teswirçileriniň Tokio Olimpiadasyny ýatlap, Rejepbaý Rejepowdan uly üstünlige garaşyp boljakdygyny aýtmaklarynyň özi hem ildeşimiziň çykyşyna uly gyzyklanma bildirilendigini görkezýändir. Olimpiýa medalyny gazanmaga mynasyp türgeniň görkezijisi şol pursat çykyşa tomaşa eden hiç bir adamy biparh goýmadyk bolsa gerek. Türkmenistanly türgen R.Rejepow iki görnüşiň jemi boýunça dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň ykbalyny öz peýdasyna çözensoň, dünýä rekordyny hem täzelemäge synanyşyk etdi.
Ol hytaýly Lýuý Sýaoszýunyň 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda hasaba aldyran rekordyny täzelemäge golaý bardy. Itekläp götermekde altyn medal, silterläp götermekde kümüş medal gazanan Rejepbaý Rejepow 209 kilograma barabar agyrlygy götermäge hatda türgenleşikde hem synanyşyp görmändigine garamazdan, ştangany depesinden ýokary götermegi başardy. Emma ony hasaba aldyryp bilmedi. Ildeşimiziň Tokio Olimpiadasyndan soňra agyr şikes alyp, şu ýaryşyň öň ýanynda aýak üstüne galandygyny we dünýä çempionatynyň medalyny gazanmagy başarandygyny aýtmak gerek.
Kolumbiýadaky ýaryşa welin, ähli ussat agyr atletikaçylaryň gatnaşandygy türkmen ýigidiniň egsilmez gujur-gaýrata eýelik edip, öňde goýlan maksada ýetmegi başarandygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde Aşgabat bilen Bogotanyň wagt tapawudynyň 10 sagada barabardygyny, Kolumbiýanyň paýtagtynyň deňiz derejesinden 2640 metr belentlikde ýerleşýändigini bellemelidiris. Bu ýagdaýlar türgenlere doly güýjünde çykyş etmäge päsgel berýär. Emma bu päsgelçiliklerem, dünýäniň «men-men» diýen agyr atletikaçylary hem türkmen ýigidine dünýäniň wise-çempiony bolmaga päsgel berip bilmedi. Çünki türkmen ýigidi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllyk şanly senesini dünýä çempionatynyň medaly bilen sowgatly garşylamagy maksat edinipdi. Ata Watanymyzdaky döwrebap özgerişliklerden ruhlanýan, maksada okgunly nesiller öňlerinde goýlan belent sepgitleri eýelemegi başarýarlar.
Indi türkmen sportunyň janköýerleri 2024-nji ýyldaky Olimpiadada hem türkmen türgeniniň medal gazanaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Hojaberdi APBAÝEW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we
sport baradaky döwlet komitetiniň
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.