ARGENTINA HORWATIÝANY UTUP, DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNYŇ BIRINJI FINALÇYSY BOLDY

Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň birinji finalçysy belli boldy. Argentinanyň milli ýygyndysy ýarym finalda Horwatiýany ýeňlişe sezewar edip, birinji finalça öwrüldi.

Argentina — Horwatiýa oýnunyň deslapky ýarym sagadynda Ýewropanyň wekili garşydaşyna garanyňda birneme rüstem hereket etdi. Emma 34-nji minutda Argentinanyň dessine geçiren garşylyklaýyn hüjüminde horwatlaryň derwezeçisi Liwakowiç Alwaresi gödeklik bilen saklady. Netijede emin Horwatiýanyň derwezesine tarap penalti belledi hem-de ony dürs ýerine ýetiren Messi hasaby açdy. Goldan 5 minut soňra ýene-de Alwares Horwatiýanyň derwezesine tarap ýörişi amala aşyrdy we bu gezek özi gol urup, hasaby 2:0 görnüşe getirdi.

Oýnuň ikinji ýarymynda Horwatiýa hasaby deňlemek üçin tijendi, emma gol urmak ýene-de Argentina nesip etdi. 69-njy minutda Messiniň beren pasyndan soň ikinji goluny uran Alwares hasaby 3:0-a ýetirdi. Duşuşykda başga gol urulmady we Argentina 3:1 hasabynda Horwatiýany ýeňlişe sezewar edip, finala ýollanma aldy.

Argentinanyň finaldaky garşydaşy 14-nji dekabrda 23:59-da başlanjak Marokko — Fransiýa oýnundan soňra belli bolar. Bu duşuşykda ýeňlen topar bolsa üçünji orun üçin oýunda Horwatiýa bilen oýnar.

DÇ-2022-niň final oýny 18-nji dekabrda bolup geçer.

 

turkmenportal.com