KLUBLARYŇ ARASYNDAKY DÜNÝÄ ÇEMPIONATY: «AL-HILAL» «MANÇESTER SITINI» ÝARYŞDAN ÇYKARDY

Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» topary futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda «Mançester Sitiden» goşmaça wagtda 4:2 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Orlando şäherinde (ABŞ-nyň Florida ştaty) geçirildi.

«Al-Hilalyň» düzüminde Markos Leonardo dubl etdi (46-njy we 112-nji minutlar). Şeýle-de Malkom (52) we Kalidu Kulibali (94) tapawutlandy. «Sitiniň» gollaryna bolsa Bernardu Silwa (9), Erling Holand (55) we Fil Foden (104) awtorlyk etdiler.

Simone Inzagiden tälim alýan «Al-Hilal» çärýek finalda Braziliýanyň «Fluminense» kluby bilen güýç synanyşar. «Fluminenseniň» 1/8 finalda Inzaginiň ozalky topary «Interi» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, şu ýyl klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna ilkinji gezek 32 topar gatnaşýar. Turniriň ýeňijisi 13-nji iýulda belli bolar.

turkmenportal