AWTOSPORT DABARALANÝAR

Soňky ýyllarda awtomobil sporty boýunça geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolýan türkmen türgenleriniň sany barha artýar. Bu üstünlik ýurdumyzda sportuň şu görnüşini ösdürmekde diýseň uly başlangyçlaryň düýbüni tutan Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglydyr.

Bu babatda söz açylanda, ilki bilen, 2009-njy ýylda Kazandan Aşgabada uzan halkara awtorallisiniň ähmiýetine ünsi çekmek ýerlikli bolar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanan şol halkara awtorallisi sportuň şu görnüşini diňe ýurdumyzda däl, eýsem halkara giňişliginde ýokary derejede ösdürmekde diýseň çuň mazmuna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi awtosport boýunça milli tejribämiziň binýadyny goýdy.

Sportuň şol görnüşinden iň uly halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga ukyply türgenleriň sanynyň artmagy milli ýygyndy toparymyz üçin tejribeli sürüjileri hem-de şturmanlary taýýarlamaga ajaýyp esas boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň janköýerleridir muşdaklary hem diýseň köpeldi. Şunlukda, awtomobil sporty boýunça kämil türkmen mekdebi kemala geldi. Türkmen türgenleriniň awtosport boýunça dünýäniň iň uly ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary milli tejribämiziň halkara giňişligindäki ykrar edilmegidir. 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen guralan «Amul – Hazar» halkara awtorallisi sanlyja ýylyň dowamynda kemala gelen awtosport boýunça kämil türkmen mekdebiniň derejesini dünýä mälim etdi. Onuň halkara eko-ralli-reýdi hökmünde häsiýetlendirilmegi bu ýaryşyň dünýä sportunyň taryhynda hemişelik orun almagyna düýpli esas boldy.

Awtomobil sportuny ösdürmek babatda aladalar Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze many-mazmuna eýe bolýar. Ine, türkmen ekipažlarynyň şu günler gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda geçen «Kazan – Aşgabat» awtorallisinden alyp gaýdan hem-de her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen, Russiýa Federasiýasynda geçirilen «Ýüpek ýoly» halkara rallisindäki netijeleri hem bu hakykatyň aýdyň beýany bolup dabaralanýar.

Süleýman JUMADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň talyby.