Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda täze ýyl baýramçylygyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen “Milli terbiýe we sagdyn beden” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede jemgyýetçilik tertip-düzgün awtoulag dolandyrmazlyk we köçe ýol hereketiniň kadalaryny ýokary derejede berk berjaý edilmegini hem-de partlaýjy serişdelerini ýasamaklygyň, ýaýratmaklygyň we ulanmaklygyň gadagan edilmeginiň hereket edýän kanunçylygymyzda berkidilýändigi şeýle-de hereketleriň adamyň saglygyna zyýan ýetirýändigi barada degişli prezentasiýalary talyplara görkezdiler. Çäräniň ahyrynda Mähriban diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada ýadawsyz alada edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, ähli asylly başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edildi.
Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.