BITARAPDYR EZIZ WATAN!

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyñ her bir güni toýdyr baýramlar beslenýär. Türkmen halkynyň şol ajaýyp baýramçylyklarynyň biri hem Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramydyr.

Ynha şu gün hem şol ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde gurnamagynda “Bitaraplyk milli buýsanjymyz” ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň dabaralar zalynda  aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu geçirilen baýramçylyk çäresine Ýaşlar guramamyzyň işgärleri, paýtagtymyzyň dürli edara kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar şeýle-de ýokary we ýörite orta hünär mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň işleýän, okaýan ýaş zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetiren Eziz Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy hem-de bagtyýar durmuşy wasp edýän aýdymlary bu dabara özboluşly bezeg berdi.

Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy göwün göteriji özboluşly duýgulara beslendi. Muny bezelen sahnada bolan çykyşlaryň her birinden duýmak kyn bolmady.

Dabaranyň ahyrynda çärä gatnaşyjylar özleri barada atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza şeýle hem Arkadagly Serdarymyza özleriniň alkyş sözlerini we ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

 

Gurbanberdi ANNANUROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

23 Iýun 2025 | 1 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

23 Iýun 2025 | 1 okalan

WATAN — KÖŇÜL KELAMYM

23 Iýun 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI