BITARAPLYGYŇ 27 ÝYLLYGY

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde gurnamagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk – milli buýsanjymyz” atly sygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi dabara ýurdumyzda bilim alýan talyplar ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri gatnaşdylar. Bu günki gün ýurdumyz bitaraplygyň türkmen nusgasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini, sebitde we dünýäde halkara tagallalary birleşdirmekde netijeli gurala öwrülendigini iş ýüzünde, anyk hereketler arkaly, dünýä jemgyýetçiligine aýan edýär. Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara gatnaşyklaryň mundan beýläk – de  çuňlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmek, olar babatda ählumumy derejedäki hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmak, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň  BMG – nyň  belent münberinden dünýä bileleşiginiň garamagyna yzygiderli hödürleýän täze teklipleriniň we başlangyçlarynyň esasyny emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur esaslandyrylan daşary syýasatynyň hemmetaraplaýyn üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy. Sebäbi Türkmenistan Milletler Bileleşigine halkara parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, ähli döwletleriň hem – de  halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça iň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Türkmenistanyň soňky ýyllarda BMG – nyň  düzüm birlikleriniň birnäçesiniň agzalygyna, şol sanda ýolbaşçy derejedäki wezipelere saýlanmagy hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Ýurdumyzda geçirilýän her bir baýramçylyk çärelerine işjeň guramaçylyk gatnaşmaga ony döwrebap geçirmäge uly mümkinçilikler döretýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Halkara Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Serdarymyzy bütin türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

 

Ogulbahar AÝAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň kätibi.

Meňzeş habarlar

23 Iýun 2025 | 1 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

23 Iýun 2025 | 1 okalan

WATAN — KÖŇÜL KELAMYM

23 Iýun 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI