Halkara gatnaşyklarda ynamly gadamlar

 

Ýakynda, Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda “Halkara gatnaşyklarda ynamly gadamlar” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlyklary, kitaphanada zähmet çekýän işjeň agzalar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygyň dowamynda çykyş eden wekiller Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynda bolmagynyň ähmiýetini wagyz etmek, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşmagy dogrysynda giňişleýin çykyş etdiler. Türkmen-koreý dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha pugtalandyrýan, bagtyýar durmuşda, agzybirlikde ýaşamak üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Sapar ARAZNEPESOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

23 Iýun 2025 | 1 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

23 Iýun 2025 | 1 okalan

WATAN — KÖŇÜL KELAMYM

23 Iýun 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI