Dokma senagaty Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Dokma senagatyny öňdebaryjy tehnologiýalar we ýurdumyzyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle dokma toplumynyň biri bolan Türkmenbaşy Jins toplumy 1997-nji ýylda Jinsi önümlerini öndürýän toplum hökmünde işe girizildi. Bu dokma toplumda jemi 3000-den gowrak ýaş hünärmenler, tikinçilik sehinde hem-de beýleki bölümlerde zähmet çekýärler. Matalara bolan isleg, esasan hem, çig mal süýümleriň häsiýetlerine baglydyr. Jinsi önümleri ýüplük egriji sehinde pagta süýümlerinden egrilip, taýýarlanylýar. Mata önümlerinde has uly estetiki talaplar bildirilýär. Şol sebäpli jinsi matalaryny hem iň gowy reňkler bilen, döwrebap biçüwde öndürilmäge uly üns berilýär. Önümleriň agramly bölegi buýurmalar esasynda dokalyp, isleg bildirilen reňkine, sanyna, şeýle-de, ölçegine görä reňklenip, biçilýär hem-de tikilýär. Tikilenden soňra serenjam bölüminde gözden geçirilýär we etiketkaly, taýýar önümler gaplanýar. Türkmenbaşy Jins Toplumynda öndürilen jinsileriň hem dürli görnüşleri bar. Adatça pagta süýüminden dokalan jinsi matasyny önümleri çydamlylygy, ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Toplumda dürli görnüşli gysga we uzyn jalbarlar tikilip, çagalara hem-de uly ýaşlylara niýetlenen penjekler, ýeňsizler şeýlede, jinsi matasyndan tikilýän ähli görnüşdäki egin-eşikler taýýarlanylýan iri pudaklaryň biri hasaplanylýar. Hakykatdan hem, jinsi önümleri diňe içerki bazarlarymyzda däl-de, eýsem, dünýäniň ähli döwletlerine eksport edilýär. Gelýän buýurmalaryň we ýokary hilli jinsi önümçiliginiň gerimi barha giňeýär. Muňa mysal edip, ata Watanymyzyň ösüşleri bilen bir hatarda, döwrüň talaplaryna görä, ýokary hilli, täze biçüwlerde, sazlaşykly reňkde öndürilýän dürli görnüşli jinsi önümlerini görkezmek bolar. Şu pursatdan peýdalanyp ýurdumyzyň dokma pudagyny ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza berk jan-saglyk, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Güljahan HOJAMMAÝEWA,
Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly
adyndaky IÝG-nyň uly buhgalteri.