WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýaş nesli hakyky watançylyk ruhynda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy, aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekleri üçin ähli şertleri üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň saglygy barada alada edip, ýaşlaryň zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda hemmetaraplaýyn bilimli, terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns beripdir. Täze taryhy eýýamda bu ýörelgeler döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri özbaşdak durmuşa taýýarlamak, olarda ýokary ahlak we watançylyk duýgularyny pugtalandyrmak hem-de ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginde “Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda “Bir ýylyň aladasyny etseňiz, ekin ekip, hasyl alyň! On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň! Ýüz, müň ýylyň aladasyny etseňiz, sowatly, halal nesli ýetişdiriň!” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş eden wekiller Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe her bir raýatynyň, aýratyn hem ýaşlaryň ylymly, bilimli, sagdyn bedenli, ruhy taýdan arassa, watan söýüji bolmaklary, halal işlemekleri, asylly zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Myrat GOŞAÝEW,

“Türkmendemirýollary” agentliginiň

Magtymguly adyndaky ilkinji

Ýaşlar guramasynyň sanly

ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 260 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY