DOKMA PUDAGYNYŇ ÖSÜŞLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary uly ösüşlere, özgerişlere beslenýär. Şol bir wagtyň özünde döwletimiziň möhüm pudagy bolan Dokma senagaty pudagy hem görlüp-eşidilmedik derejede pajarlap ösýär. Bereketli türkmen topragyndan ösdürilip ýetişdirilýän ak altyna deňelýän sap ak pagtadan öndürýän ýokary hilli önümlerimiz  diňe bir öz içerki bazarlarymyzda däl-de dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň bazarlarynda ýokary orunlara eýe bolýar. Biziň “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgiler bilen öndürýän  ajaýyp önümlerimiz hiliniň ýokarylygy bilen, ekologiýa taýdan arassalygy şeýle hem iň esasy aýratynlygy bolsa adam bedenine ýaramlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Daşary ýurt döwletlerinden gelýän önümleriň ornuny tutýan, bäsleşige ukyply dokma önümlerimiziň dünýä bazarlarynda uly orunlara eýe bolýandygyna tüýs ýüregimizden begenýäris. Häzirki döwrümizde dokma pudagymyzda zähmet çekýän zähmetkeşleriň esasy bölegi ýaşlar bolup, olaryň asylly maksatlary öňde goýup çekýän öndürijilikli zähmetleri bellenilmäge mynasypdyr.

Bagtyýar zamanamyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil enjamlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Biziň öndürýän  önümlerimiz bu günki gün dünýäniň onlarça döwletlerine eksport edilýär. Täze gurulýan dokma kärhanalarda dünýäniň öňde baryjy kompaniýalarynyň iň täze ýokary öndürijilikli enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda dokma pudagynyň günsaýyn ösdürilmegi netijesinde türkmenistan dünýäniň dokma önümlerini öndürýän döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagy bolsa ýurdumyzyň şöhratyny we at-abraýyny barha artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan dokma kärhanalarda halal zähmet gaýnap joşýar. Türkmen dokmaçylarynyň hünärli gollaryndan önýän, ak pagtadan öndürilýän önümlerimiziň mynasyp bahalara eýe bolmagy ykdysadyýetimiziň barha kämilleşmegine ýardam edýär. Bilşimiz ýaly dokmaçylyk senedi öz gözbaşyny juda irki döwürlerden bäri alyp gaýdýar. Bu günki gün dokmaçylyk senedi mynasyp dowam etdirilýär. Döwletimiziň beýleki pudaklary bilen deň derejede ösdürilýän dokma pudagymyzda ýerine ýetirilýän işler bolsa barha rowaçlanýar.

Arkadagly Serdarymyzyň döwlet başyna saýlanan ilkinji günüden başlap “Watan-diňe halky bilen watandyr, Döwlet-diňe halky bilen döwletdir” diýen ajaýyp şygary bu günki gün has-da dabaralanyp biziň ýöreýän ýolumyza şöhle saçýar. Hormatly Prezidentimiziň ata-watanymyzyň ähli taraplaýyn ösüşiniň agzybir halkymyza baglydygyny buýsanç bilen bellemegi biziň has-da halal zähmete bolan höwesimizi ýokarlandyrýar. Ajaýyp watanymyzda il-halkymyz parahat durmuşda ýaşaýar. Her gün ir säher asudalyk bilen dogýan günüň dogşuny synlamak, asudalyk bilen ýaşýan günüň batyşyny synlamak, asuda watanymyza guwanyp ýaşamak, watanymyzyň ösüşine goşandyňy goşmak biziň her birimiz üçin egsilmez bagtdyr.

Mähriban Arkadagymyz, hem-de Arkadagly Serdarymyz bu günki gün türkmen ilini ýagty ertirlere, bagtyýar günlere tarap alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri halkymyzyň bagtyýar gelejegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bolsa il-günümiziň ählitaraplaýyn bagtly durmuşda ýaşamagynyň aýdyň kepilidir. Goý! il-günümizi parahat hem-de asuda durmuşda ýaşadýan, türkmen ilimizi ýagty ertirlere, aýdyň ýollara alyp barýan Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Annajahan ILLEKOWA

Aşgabadyň dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky Ilkinji

Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 260 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY