HALK BÄHBITLI IŞLER ROWAÇLANÝAR

Eziz Diýarymyzyň baş şäheri bolan Aşgabat günsaýyn tanalmaz derejede ösýär, özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan desgadyr binalaryň her biri onuň sungat derejesindäki gurluşyk-binagärlik görküne özboluşly sazlaşyk goşýar. Soňky sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyzda üstünlikli amala aşyrylan gurluşyk taslamalary — gurlan medeni-durmuş, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport desgalary, kaşaň ymaratlar, köşkler, belent ýaşaýyş jaýlary, şeýle-de suw çüwdürimleri, şaýollar, köpugurly köprüler, seýilgähler we beýlekiler döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň ajaýyp miweleridir. Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň her bir raýatynyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy we zähmet çekmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzda Aşgabadyň döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gerimi barha giňeýär. Şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, paýtagtymyzy gurmagyň çäklerinde giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy bu ugurda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, paýtagtymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Büzmeýinde hem täze ýaşaýyş toplumlary peýda bolýar. Döwrebap medeni-durmuş maksatly desgalaryň sany barha artýar.  Geçen sanlyja günlerimizde hem Büzmeýin etrabymyzyň Senagat köçesiniň ugrundaky döwrebap 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 15-siniň açylyp ulanylmaga berilmegi bu hakykatyň dabaralanmasyna öwrüldi. Sanlyja ýylyň içinde bu künjekde durmuş-medeni maksatly binalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy gurlup ulanmaga berildi. Täze jaýlar bilen tanyşanyň­da, olaryň ýokary hil derejesinde bina edilendigine, onda ekologiýa taýdan arassa, degişli talaplara laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň we enjamlaryň ulanylandygyna göz ýetirýärsiň. Täze jaýlardaky öýlere aýlanyp görenimizde, olarda durmuşyň hözirini görüp, döwrebap ýaşamak üçin döredilen amatlyklar ýaşaýjylary örän begendirýär. Gurluşykçylaryň hünär ussatlygy öwgä mynasypdyr. Halkymyzy röwşen geljege alyp barýan hormatly Prezidentimize döwletli tutumlarynda hemişe rowaçlyklar ýaran bolsun.

 

Batyrgeldi MYRADOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 260 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY