AGYR ATLETIKAÇYLARYMYZYŇ HALKARA ÜSTÜNLIKLERI

Türkmen agyr atletikaçylary Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen, Naim Süleýmanoglunyň ýadygärligine bagyşlanan halkara ýaryşda şowly çykyş etdiler. Ýaryşda türkmen türgenleri bäş sany kümüş medala we bürünç medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Has takygy, zenanlaryň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde bileginiň güýjüni synan Ogulgerek Amanowa ştangany silterläp götermekde 70 kilogram, itekläp götermekde 85 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 155 kilogram netije bilen üç sany kümüş medal gazandy.

Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda 67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Hydyrberdi Ýagmyrow itekläp götermekde 149 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 274 kilogram agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden gelip, iki sany bürünç medala mynasyp boldy.

109 kilogramdan ýokary agram derejesinde bäsleşige gatnaşan Atajan Daýyýew hem bäsdeşlerinden tapawutlanmagy başardy. Ol silterläp götermekde 156 kilogram agyrlykdaky ştangany galdyryp, kiçi kümüş medalyny gazandy. Şeýle-de itekläp götermekde 190 kilogramy göteren Atajan Daýyýew kiçi bürünç medala, iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 346 kilogram netije bilen kümüş medala mynasyp boldy.

Allanur ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersitetiniň talyby.