Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň strategik wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly orny eýeleýändigini, dünýä derejesindäki öňdebaryjy ornuny göz öňünde tutanyňda, ýaşlar syýasaty milli döwlet bähbitleriniň biri bolup durýar. Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilip, şondan bäri beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, ukyply, Watan wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işler alyp barýar. Gurama 31 ýyldan bäri agzalaryny bir ýere jemläp, olaryň güýjüni hem-de ukyplaryny, bilimini, dünýägaraýşyny Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Ýaşlar guramasynyň döredilen gününden bäri Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň ösüşini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşan, zähmetde we döredijilikde uly üstünlikleri gazanan ýaşlary “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň” eýesi diýen at bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzda Ýaşlaryň arasynda her ýylda bäsleşikler we beýleki medeni çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, Gulbaba adyndaky çagalar baýragy has tapawutlananlara gowşurylýar, şeýle hem ylmy işler boýunça bäsleşik, “Ýylyň parlak ýyldyzy”, “Talyp joşguny”, “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri”, “Merdana nesil”, “Talyp gözeli”, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary”, “Ylham joşguny”, “Ezber gözeli” we beýleki döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralýar we telegepleşikler döredilýär. Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň esasyny düzýär. Hem-de bu işler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly we işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine, tejribe alyşmagyna ýadam edýän halkara saparlarynyň guralmagyna goldaw berýäris. Şoňa görä-de dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň sany yzygiderli artýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak maksady bilen dabaraly çäre ýokary derejede geçirildi. Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ýaşlary Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna laýyk terbiýelemekde bitirýän ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.
Güljeren ÝAGŞYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.