21-nji oktýabrda Türkmenistan bilen Özbegistan döwletiniň dostlugynyň hatyrasyna Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähi açylyp halk köpçüligine ulanylmaga berildi. “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasyna Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Daşkent seýilgähi Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda iki döwletiň dost-doganlygyň berkemegi üçin hem-de sylag sarpasynyň has-da berkemegini aňladýar. Daşkent seýilgähine gireniňde ilki bilen durnaly suw çüwdürimini görmek bolýar. Başga-da Daşkent seýilgähinde kafe, restoran, aýdym-sazly çäreleri geçirmek üçin sahna, çagalaryň oňaýly dynç almagy üçin birnäçe oýun meýdanlarynyň bolmagy göwnüňi galkyndyrýar. Başga-da bu seýilgähde Özbekistanyň symboly bolan nakgaşlyk şekilinde gap-gaçlarynyň heýkeli seýilgähiň görküne görk goşýar. Bu seýilgäh hem beýleki seýilgähleri ýaly paýtagtymyzyň görküne görk goşar. Dost doganlyga uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sagbol aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag belent başy aman bolsun.
Näzik ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.