ÝAŞLAR ÝURDUŇ GELJEGI

Türkmenistanyň howpsuzlyk ministrliginde watan öňündäki gulluk borjuny birkemsiz berjaý etýän ýaşlaryň arasynda Il sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiziň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze Eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işler hemem beýik özgertmeler amala aşyrylyp, zähmet söýer halkymyzyň şol sanda ýaş nesilleriň eşretli durmuşynyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy ylymly ýokary hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber üns aladasyna eýlenen bu asylly ýörelgeleriň hözirini türkmen ýaşlary durmuşyň her bir ädiminde duýup ýaşaýarlar. Iň täze nusgada gurlan bilim ojaklarynda sowat öwrenip, hünär okuwynda aňyny taplap önümçilik iş usullaryny bir kemsiz özleşdirýän kämil nesiller halk hojalygymyzyň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýärler. Berkarar döwletimizde halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Munuň özi her bir adamyň esasanam ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýaryp, nesillerimize olaryň ýagty ertirine bolan beýik ynamyna ynam goşýar. Edep-terbiýe halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen ösýär. Taryhyň ýollarynda kämilleşýär. Adamlaryň aňynda orun alýar. Şeýlelikde nesilme nesil dowam edýän mizemez ýörelgelere öwrülýär. Ata watanyny eý gören ata-babalarymyz şu günki hem geljekki nesillere halallyk ýoluny, edep-terbiýäni gymmatly miras galdyrypdyrlar. Pederlerden dowam edip gelýän asyllylyk, halallyk, dogdyk mekanymyza mähriban halkymyza agzybirlik ýolumyza wepalylyk zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň biri hasaplanýar.Ýaşlaryň edep-ekramly bolup ýetişmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Her bir Ata-ene perzendine mähir duýgusyny siňdirip kemala getirýär. Ata-enäni sylamak perzende parzdyr. Ýaşuly nesli sylamak, kiçä hormat goýmak türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir. Ýaşlar hem öz gezeginde özlerine bildirilen ynamy ödäp haky watançy ýaşlar bolup ýetişjekdigini ynandyrdylar.

 

Merdan ORAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Öňki makala

HALYPA ŞÄGIRTLIK ÝOLY

Indiki makala

DAŞKENT SEÝILGÄHI

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

04 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHAT ILIMDE ŞAT ÇAGALAR BAGTYÝAR

03 Iýul 2025 | 32 okalan

ÇEKELEŞIKLI BÄSLEŞIKLER GEÇIRILDI