HALYPA ŞÄGIRTLIK ÝOLY

Medeniýet-ynsanlara nähili ýaşamalydygyny öwredýän beýik mugallym. Sungat-barlygy manyly ýaşamagyň ýörelge-ýoly. Döredijilik-özgeleriň aňyny ösdürmäge özüňi bagyşlamak. Bularyň ählisi birleşip, ynsanyň içki dünýäsini baýlaşdyrýan, ruhy iýmit bolup hyzmat edýän kämil eserleriň döremegine esas bolýar. Hut şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz medeniýeti halkyň kalbyna deňeýär, medeniýeti we sungaty ösdürmegi, metbugatdyr telewideniýäniň işini kämilleşdirmegi yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Diýarymyz ähli ulgamlar boýunça bedew bady bilen öňe barýar. Döwrüň aýnasy hasaplanýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa, taryhy wakalardyr döwletli tutumlary äheň-ähmiýeti bilen giňden beýan edip, olary taryhyň sahypalaryna ýazýar. Döwrüň belentligini, ýeten derejesini onuň özi ýaly belentden wasp etmeli. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp Gahryman Arkadagymyz halypa şägirtlik ýoluna uly sarpa goýýan ýaşlarymyzyň okamagy öwrenmegi döredijilikli zähmet çekmegi üçin ýurdumyzda birnäçe medeniýet sungat mekdepleri sazçylyk mekdepleri açylyp ýaşlarmyzyň döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin birnäçe halypa mugallymlardan halypalarymyzdan galan aýdymdyr sazlary öwrenip, şolary täzeçe görnüşde işläp halk köpçüliginde ýetirip toýlarda baýramlarda ýerine ýetirýärler ýaşlarmyza şular ýaly döredijilik bilen meşgullanmana ähli mümkinçilikleri açyp beren Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sagbol aýdýarys.

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

ARKADAG OTEL

Meňzeş habarlar