2021-nji ýylyň 29-njy iýunynda gün günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Hemmeler Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykaran ägirt uly özgertmeleriň başyny başlaýjysy we ruhlandyryjysy bolan Gahryman Arkadagymyzy uly joşgun bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ol ýere ýygnanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze binanyň toý bagyny kesdi Uly dabara beslenen medeni çäreleriň utgaşmagynda “Arkadag” myhmanhanasy açyldy! Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň gerimli şäher gurluşyk maksatnamasy ýurdumyzyň baş şäheriniň Aziýanyň merjeni hökmündäki derejesiniň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülýär. Gurluşyklaryň has batlanýan depgini milli ykdysadyýetimiziň barha berkeýän kuwwatyna şaýatlyk edýär. Munuň özi türkmen topragynyň ähli künjeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren myhmanhana toplumy Aşgabadyň syýasy, diplomatik, ykdysady, işewürlik merkezi hökmündäki halkara derejesini has aýdyň ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan “Arkadag” myhmanhanasy özboluşly bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr. 14 gatly myhmanhananyň beýikligi 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir. Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan hem-de durmuş we önümçilik maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşygyna gatnaşan “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň ýanynda bolup, binalaryň gurluşygynda ulanylan täzeçil usullar, toplumyň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň beripdi. Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy bar. Binanyň ýanaşyk ýeriniň abadanlaşdyrylmagy, saýaly baglaryň, dürli gülleriň ekilmegi, şeýle hem dury suwly derýanyň geçmegi bilen bu ýerde jana ýakymly howa gurşowy emele geldi. “Ak öý” görnüşinde gurlan milli aşhana bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär. Myhmanhanada berkarar döwletimize gelýän myhmanlary milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylamak üçin döredilen şertler ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýär. Aýratyn-da, myhmanhananyň zallary milli aýratynlyklar esasynda bezelipdir. Bu ýerde milli sungatyň ajaýyp eserleri, halkymyzyň taryhyna, häzirki döwrüne we asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk gymmatlyklaryna degişli sungat eserleri myhmanhananyň esasy bezeg aýratynlyklaryny emele getirýär. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek, olaryň oňat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Ýaşaýyş otaglary bilen bir hatarda, maslahat zallary, restoranlar, dükanlar hem-de howuzlar we sport meýdançalary göz öňünde tutuldy. Bu gün parahatçylygyň dostlukly ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi Garaşsyz Türkmenistanyň üstünden geçýär. Bitarap Watanymyzda tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine sebit we halkara gatnaşyklar ösdürilýär. Bu desgalar güýçli depginler bilen ösen ajaýyp paýtagtymyzyň görküni has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, “Arkadag” myhmanhanasynda Aşgabadyň beýleki myhmanhana toplumlary ýaly, myhmanlaryna hyzmatyň ýokary derejesini hödürleýär. Onuň otaglary gelşikli hem-de oňaýly mebeller bilen üpjün edilen. Otaglaryň bezeg aýratynlyklary, onuň reňk sazlaşygy myhmanlar üçin ýakymly gurşowy döredýär. Derejesine garamazdan otaglaryň hemmesi myhmanhana hyzmatynyň ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Hem-de binanyň her gatynyň otaglary biri-birinden ähmiýetli aýratynlygy we göwrümi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanda syýahatçylyk we myhmanhana işewürlik düzümi döredilende, onda ýola goýulýan hyzmatlaryň binýadynda gadymy milli binägärlik ýörelgeleri ulanylýar. Myhmanhanada adaty otaglar bilen bir hatarda, ýokary derejeli, has amatly otaglar bolup, olaryň bezeg aýratynlyklarynda nusgowy ýörelgeler häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyryldy. Munuň özi otaglaryň amatlylyk derejesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň göze görüwliligini ýokarlandyrýar. Otaglarda nepis halylaryň düşelmegi, diwarlarda türkmen tebigatyna, milli sungatymyza degişli surat eserleriniň goýulmagy myhmanhananyň bezeg işleriniň milli ýörelgelere laýyk gelýändigini görkezýär. Myhmanhananyň 13-nji gatynda dynç almak we dabaraly çäreleri geçirmek üçin hemme şertler döredilen “Mekan” diýip atlandyrylan restoran ýerleşýär. Özboluşly nusgowy görnüşli bezeg aýratynlyklary bolan restoranda myhmanlaryň gözel paýtagtymyzy hem-de Köpetdagyň ajaýyp gözelligini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar. Mundan başga-da myhmanhana toplumynda birnäçe restoranlar we çaýhanalar bar, şeýle hem internet kafe, ýüzüş howsy bolan SPA zolaklary, saunalar, kosmetika otaglary, çagalar üçin niýetlenen oýun otaglary, myhmanhananyň üsti açyk çäklerinde sport meýdançalary myhmanlaryň hyzmatynda bar. Bu ýerde dürli derejedäki gepleşikleri geçirmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän birnäçe maslahat zallary göz öňünde tutulupdyr. Olaryň üpjünçilik derejesi häzirki zaman tehnikalary we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagy halkara derejedäki çäreleri guramaga mümkinçilik berýär. Bu gün paýtagtymyzy dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň biri, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrdy. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlary we syýahatçylary mynasyp garşylamak, iri çäreleri geçirmek üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň myhmanhana işewürlik ulgamyna iň gowy tejribäni hem-de täze işläp düzmeleri çekmegiň zerurdygyny şertlendirýär.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.