2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açylyp ulanylmaga berildi.
Dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze desganyň ulanylmaga berilmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Energetika senagatynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yzygiderli amala aşyrylýan Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň kuwwatynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň energetika pudagynyň düzümleriniň üstüniň ýokary öndürijilikli gaz turbinaly enjamlar bilen üpjün edilen birnäçe elektrik stansiýasy bilen ýetirilendigini bellemek gerek. ABŞ-nyň dünýä belli “General Electric” kompaniýasy bu ulgamda Türkmenistanyň öňden gelýän işjeň hyzmatdaşy bolup durýar. Bu merkez degişli enjamlary ýokary hil derejesinde, bellenilen möhletlerde abatlamaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ony ulanmagyň netijeliligini, uzak möhletleýinligini ýokarlandyrmaga ýardam berer hem-de pudagyň ykdysady görkezijileriniň depginli ösüşini üpjün eder, ulgamyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine goşant goşar.
Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy. Häzirki wagtda-da bu pudakda iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy dowam edýändigini bellemeli.
Elektrik energiýasynyň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ibermek, onuň eksport ugurlaryny köpeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Ulanmaga berilen merkez hem energetika pudagy üçin örän uly ähmiýete eýedir. Bu merkez ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan kuwwatly energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenendir.
Merkeziň gurluşygyny «Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy ýerine ýetirdi. Bu ýerde işlemek üçin ähli amatly şertler üpjün edilen. Abatlaýyş, hyzmat ediş işleriniň guralyşy ekologik talaplaryna doly laýyk gelýär. Merkezde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «General Eleсtriс» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy. Döwrebap merkeziň gurulmagy bilen, bu ýerde 120-den gowrak täze iş orny döredildi. Bu ýerde işlejek hünärmenler daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. Desganyň tutýan meýdany 3 gektara deň bolup, merkez ýolbaşçylar we hünärmenler üçin iş otaglaryny, mejlisler otagyny, synp otaglaryny, arhiwi, lukmançylyk otagyny, naharhanany öz içine alýan dolandyryş binasyndan, ammar binasyndan, abatlaýyş we dikeldiş sehinden, abatlaýyş ussahanasyndan, himiki arassalaýyş sehinden, tehniki we kömekçi binadan ybaratdyr.
Häzirki zamanyň iň ösen tehnologiýalary esasynda gurlan täze desga Merkezi Aziýada bu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş desgasydyr. Şular ýaly iri taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.