Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynyň Merkezi binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, “Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de Aşgabat şäherindäki demirýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Demirýolçy talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri-dertleriň melhemi” ady bilen Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly kitabynyň 14 tomyny tamamlandygyny aýtdy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň günine hem-de bütin türkmen halkyna baýramçylyk sowgady boldy. Lukmançylyk ylymlarynyň ösmeginde ýurdumyzyň sähralarynda bitýän dermanlyk ot-çöpleri ýerlikli ulanmagyň peýdasy aýratyndyr. Gadymy döwürlerden bäri jana tenekär ot-çöplerden peýdalanyp gelýän halkymyz üçin lukman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň öňki jiltlerinde jana şypaly tebigatymyzyň türkmen halkyna eçilen şypaly otlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemme ulgamlar bilen bir hatarda saglygy goraýyşda-da täze ösüşler gazanylýar, belent üstünliklere ýetilýär. Türkmen tebigatynda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ençeme dermanlyk ösümlikler ösýär. Türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan şeýle ösümlikleri hemme taraplaýyn ygtybarly öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler. Şeýlede özlerine has dogrysy Ýaşlara okama işlemäge öz saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmaga uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.
Mähriban ŞYHMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
baş hünärmeni.