Arkadagly Serdarymyzyň aladalary netijesinde sport ýurduna öwrülen Türkmenistan Watanymyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenlerimize ähli mümkinçilikler döredilýär. Türgenlerimiziň halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp bolmagy munuň şeýledigini aýdyň subut edýär.
Türkmen türgenleriniň gatnaşyp üstünlikli çykyş eden şol ýaryşlarynyň biri hem Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-9-njy oktýabry aralygynda Iordan Haşimit Patyşalygynda 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndy toparlarynyň arasynda futbol boýunça geçirilen “Aziýa Kubogy-2023” atly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrydyr. Türgenlerimiziň gazanýan bu ajaýyp üstünlikleri ýurdumyzyň ähli Ýaşlaryny diýseň begendirýär-buýsandyrýar.
Şu gün, has takygy 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda, “Aziýa Kubogy-2023” atly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň “A” toparçasynda ýaryşyp, 2-nji orna mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşan türgenlere we olary taýýarlan tälimçilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Biz Ýaşlara işlemäge we ýokary hilli bilim almaga, hem-de sport bilen meşgullanmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Gurbanberdi ANNANUROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.