“Älem” medeni dynç alyş merkezi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda
2012-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen Arçabil şaýolynyň ugrunda ýerleşýän “Älem” medeni dynç alyş merkezi aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň hem-de körpeje çagalarymyzyň höwes bilen dynç alyp, göwün açýan künjekleriniň birine öwrüldi.

Daşy Oguz hanyň altyn ýyldyzy we bäş sany göl bilen gurşalan türkmen zergärçilik sungatynyň gadymy nusgalarynyň biri bolan gülýakanyň görnüşi uzaklardan ünsüňi özüne çekýär. Beýikligi 95 metre ýetýän äpet bina basgançakly piramida çalymdaş bolup, onuň üstündäki syn ediş çarhynyň diametri 57 metrden ybaratdyr. Alty orunlyk öýjagazlaryň
24-sini özünde jemleýän äpet synlaýyş aýlawy bu merkeziň esasy binagärlik süňňüni emele getirýär. Täsin görnüşli bu bina dünýäde iň uly aýlanýan synlaýyş aýlawy hökmünde hasaba alnyp, 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi barha gözel keşbe girýän paýtagtymyzyň gurluşyk-binagärlik işleriniň dünýä nusgalyk häsiýete eýedigini görkezdi.

 

Gurbanberdi ANNANUROW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 2 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR