Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň arkadagly zamanasy” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň: “Ýaşlar mähriban watanymyzyň geljegi. Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Şoňa göräde, Ýaşlar guramasy ýaş nesillerimize zähmet terbiýesini bermekde hem netijeli işler alyp barmalydyr. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatyny hem-de bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaşlara kitap okamagy, kitaphana medeniýetini wagyz etmek, ýaşlarda ylmyň ugurlaryna çuň höwes döretmek hem-de zehinlerini artdyrmak maksady bilen “Kämil bilim” merkezinde ýaş höwesjeň raýatlaryň arasynda kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde ýaş höwesjeň raýatlaryň öz ukyp başarnyklaryny açyp görkezmäge uly mümkinçilik boldy.
Geçirilen bäsleşikde Baş baýraga Şirinaý Gurbanowa, 1-nji orna Ysmaýyl Berdiýew, 2-nji orna Bagtyýar Ýusupow, Gylyçmyrat Gylyçmyradow, 3-nji orna Şatlyk Maksadow, Ajaýyp Nobatowa, şeýle-de Meýlis Gylyşaýew mynasyp boldy.
Bäsleşige gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaş höwesjeň raýatlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlikler sowgatlar gowşuryldy.
Biz ýaşlara işlemäge we bilim almaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý olaryň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Laçyn ANNAORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň hünärmeni.