Polat Galkan ýollar

Şanly ösüşleri nazarlaýan Diýarymyzda ýurdumyzyň ulaglar ulgamy döwrüň ösüşleri bilen aýakdaş barýar. Ýurdumyzda bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmagy, raýatlara hödürlenýän hyzmatlaryň hiliniň has-da gowulandyrylmagyny, halkara gatnaşyklarynda ulag boýunça hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmagy nazarlaýar.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly goşant goşýan, halk hojalyk ýüklerini daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda öňdebaryjy orny eýeleýän «Türkmendemirýollary» agentliginde hem täze özgertmeleri öz içine alýan başlangyçlar ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu pudagyň mümkinçilikleriniň has-da artdyrylmagyna, dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, Diýarymyzyň  «polat ýollarynda» ähli amatlyklar döredilen kuwwatly otlular hereket edýärler.

Ýurdumyzyň demir ýol ulaglarynyň tapgyrlaýyn elektrikleşdirilmegi, elektrik energiýasynda hereket edýän häzirki zaman elektrowozlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy demir ýol hyzmatlaryny ýokary hil derejesine çykarýar. Şeýle hem pudaga innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak babatynda, «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan «Android», «Ios» hem-de «Windows» operasion ulgamlary üçin niýetlenen «Turkmenistan Railways» programma üpjünçiligi döredildi.

Bu programma arkaly her bir raýat ýurduň içindäki ýolagçy otly gatnawlarynyň haýsy ugra, haýsy şähere ýa-da haýsy stansiýa haçan barjakdygyny, ýörejek wagtyny anyk we tiz bilmäge mümkinçilik alýar. Şeýle hem ýolagçylar demir ýol biletlerini onlaýn usulda bronlamak, satyn almak we töleg geçirmek mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýärler. Munuň üçin smartfon, noutbuk ýa-da şahsy kompýuter hem-de «Altyn asyr» bank kartynyň bolmagy ýeterlikdir. Şeýlelikde, ýolagçy ýeňillik bilen onlaýn bilet satyn alyp, öz islegi boýunça küpede ýa-da plaskartda syýahat edip bilýär.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine goşant goşýan ähli pudaklarda sanly ykdysadyýet hyzmatlary ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda işlenip taýýarlanylan bu Konsepsiýa maglumat tehnologiýasyny hem-de innowasion tilsimatlaryň ulanylmagy esasynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagta bu Konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmak boýunça «Türkmendemirýollary» agentliginde hem uly işler alnyp barylýar. «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk gömüşli paýdarlar jemgyýeti hem bu pudagyň kuwwatlanmagy üçin birnäçe hyzmatlary ulanyşa girizýär. Mälim bolşy ýaly, paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ähli ugurlar boýunça VIP wagon hyzmatynyň ýola goýlandygyny, bu wagonda müşderiler üçin ähli amatlyklar döredilýär. Bu hyzmatlar ýolagçylaryň barmaly nokatlaryna barýançalar ýolda medeniýetli dynç alyp gitmeklerini üpjün edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, agentligiň raýatlaryň amatly gezelenjini guramak üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Railway.gov.tm saýty

«Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň reilway.gov.tm internet saýty hereket edýär. Paýdarlar jemgyýetiniň saýtynda «Gatnaw tertibi», «Ýolagçy gatnawlary», «Logistika», «Habarlar» we «Habarlaşmak» bölümleri ýerleşdirilendir.

«Gatnaw tertibi» bölüminde ýolagçylar otly gatnawlarynyň ugurlary we hepdäniň haýsy günleri hereket edýändigi bilen tanşyp bilerler. Munuň üçin ýörite jedwel düzülendir. «Ýolagçy gatnawlary» bölüminde paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatlary we mümkinçilikleri barada maglumatlar ýerleşdirilen. Saýtda ýazylyşy ýaly: «Demirýollary» AGPJ her ýyl, takmynan, 6 million ýolagça hyzmat edýär. Ýolagçylaryň syýahat wagty rahatlygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlaryny göz öňünde tutýan «Ýolagçy bölüminde tejribeli hünärmenler zähmet çekýär». «Logistika»  bölüminde Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga ýardam bermek hem-de logistik çözgütleri işläp düzmek maksady bilen, “Demirýollary” AGPJ-niň hyzmatlary beýan edilýär. Ol hyzmatlardan şulary mysal getirmek bolar:

  • Müşderilere eksport-import we üstaşyr ýükleri daşamak üçin gysga ýoly we amatly nyrhyny hödürlemek;
  • Müşderilere konsultasiýa bermek;
  • Konteýner ýükleri artdyrmak boýunça iş geçirmek;
  • Ýurdumyzdan üstaşyr geçirilýän ýükleri öwrenmek we seljerme işlerini geçirmek;
  • Ýurdumyzda hususy parka degişli wagonlarynyň dolanşygyny artdyrma;
  • goňşy döwletleriň bazarlaryny öwrenmek;
  • gümrük we ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen işlemek.

“Habarlar” bölüminde “Demirýollary” AGPJ-niň müşderilere hödürleýän hyzmatlary we täzelikleri beýan edilýär. Olaryň hatarynda VIP wagon hyzmatynyň ýola goýlandygy, onlaýn bilet hyzmaty hem-de ýük otlulary boýunça täzelikler ornaşdyrylandyr.

“Habarlaşmak” bölüminde müşderiler operator bilen habarlaşyp bilýärler. Bu bölümde müşderi ýörite bellenilen ýere at-familiýasyny, telefon belgisini, öý salgysyny hem-de özüni gyzyklandyrýan meseläni ýazyp, habarlaşyp bilýär. Bu bolsa “Demirýollary” AGPJ-niň her bir müşderiniň amatly gezelenjini gurmak üçin alada edýändigini subut edýär.

 

MERDAN ORAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

 başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 2 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR