Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Bu bolsa, türkmen çagalarynyň, okuwçy ýaşlaryň ruhy durmuşynyň günsaýyn gülläp ösmegine, olaryň perzentlik yhlasynyň, Watana bolan çuňňur söýgüsiniň ýaş ýüreklerinde hemişe joşup, zehinleriniň dolup-daşyp, şirin dilleriniň bilbil ýaly saýrap durmagyna täsir edýär, şeýle-de, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen şeýle-de, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda geçirilýän “Merdana nesil - 2022” atly şadyýan bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde 1-nji ýere Aşgabat şäheriniň 141-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 3-nji “B” synp okuwçysy Döwlet Döwletow, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň 3-nji “Ç” synp okuwçysy Mustafa Sopyýew, 3-nji orna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 4-nji “A” synp okuwçysy Kerim Bäşimow mynasyp boldular. Bu bäsleşik kiçi ýaşly oglanlaryň merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däplerine, gahrymançylykly synmaz ruhuna we kämil nusgalyk häsiýetlerine uýmak, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, dost-doganlygy berkitmek, ula-kiçä sylag-hormaty terbiýelemek, kesp, kär, hünär öwrenmeklige höwes döretmek we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly maksatlary göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli taýsyz tagallalary netijesinde ösüşleriniň tarypy gysga wagtyň içinde dünýä dolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz uly ösüşlere eýe boldy. Baky Bitaraplygymyza bagyşlap birnäçe medeni çäreler hem yzygiderli geçirilýär.
Goý, toý-baýrama beslenýän hemişelik Bitarap döwletimiz baky bagtyýar bolsun! Ata Watanymyz, mähriban halkymyz üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.