HYTAÝLY TÜRKMENLER ýa-da salyrlaryň taryhy we şu güni

Bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň uzak­möh­let­le­ýin hyzmat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Hy­taý Halk Res­pub­li­kasyn­da, in­ter­net mag­lu­mat­lary­na gö­rä, hä­zir­ki dö­wür­de 1 mil­li­on tö­we­re­gi, has ta­ky­gy, 810 000 sa­lyr türk­men­le­ri ýaşa­ýar. Olar Türk­me­nis­tan­da we Mer­ke­zi Azi­ýa­da ýa­şa­ýan salyr­lar bi­len do­gan-ga­ryn­daş­dyr. Hy­taý­ly ga­dy­my ko­wum­daşla­ry­my­zyň ta­ry­hy we şu gü­ni bi­ziň üçin wa­jyp­dyr. Hy­taý­ly türk­men­ler ba­ra­da bel­li türkmen ta­ryh­çy aly­my, pro­fes­sor Öwez Gün­dog­dy­ýew «Türkmen­ler we dün­ýä halk­la­ry» at­ly yl­my işin­de: «...Olar «sa­lar» hal­ky di­ýip at­lan­dy­ryl­ýar. Ge­lip çy­ky­şy bo­ýun­ça türk­men-salyr­la­ryň ga­ra­man ti­re­sin­den bo­lup, olar ХIV asyr­da Hy­ta­ýa Ýe­di­çeş­me­den gö­çüp ge­lip­dir» di­ýip bel­le­ýär.

Hy­taý­da­ky sa­lyr (sa­lar) türkmen­le­ri bel­li rus sy­ýa­hat­çy­la­ry we alym­la­ry N.M.Pre­že­walskiý, E.R.Ma­low, G.S.Sy­bi­kow, G.N.Po­ta­nin, E.A.Rez­wan, E.R.Te­ni­şew hem-de türk­menis­tan­ly alym­lar Ö.Gün­dogdyýew, A.Jy­ky­ýew, M.Dur­dy­ýew, G.P.Wa­sil­ýe­wa we beý­le­ki­ler ta­ra­pyn­dan öw­re­ni­lip­dir.

Bi­ziň gün­le­ri­miz­de sa­lyr­lar HHR-niň Sin­haý we­la­ýa­ty­nyň Sin­hua-Sa­lar aw­to­nom uýezdin­de, Gan­su we­la­ýa­ty­nyň Szişi­şan-Boaon-Duns­ýan-Sa­lyr aw­to­nom uýez­din­de kow­çum bo­lup otur­sa­lar, Sin­haý, Gan su we Sinz­ýan we­la­ýat­la­ry­nyň beý­le­ki et­rap­la­ryn­da han, ti­bet, hu­eý, uý­gur, ga­zak we baş­ga halk­lar bi­len ga­ry­şyk je­ma­gat bo­lup ýa­şa­ýar­lar.

Sa­lyr türk­men­le­ri öz­le­ri­niň as­ly­ny Oguz ha­nyň bä­şin­ji og­ly Dag han­dan alyp gaýdýar­lar. Sa­lyr Dag ha­nyň uly og­ly bo­lup­dyr. Ga­dy­my sa­lyr taý­pa­sy oguz türk­men­le­ri­niň ir­ki 24 taý­pa­sy­nyň bi­ri­dir. Mehmet Neş­ri­niň «Oguz­na­ma» di­ýen işin­de sa­lyr türk­men­le­ri Oguz türk­men­le­ri­niň döw­le­tinde Х asy­ryň or­ta­la­ry­na, ýag­ny sel­juk­ly­la­ryň döw­rü­ne çen­li mö­hüm orun eýe­läp­dir diý­lip aý­dyl­ýar. Oguz türk­men­le­ri­niň döw­le­ti­niň han­la­ry­nyň kö­pü­si sa­lyr taý­pa­syn­dan bo­lup­dyr. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni eý­ran­ly taryh­çy Ra­şid ad-Di­niň «Ja­mi ad Ta­wa­rih» at­ly ýyl ýaz­gy­laryn­dan hem bil­mek bol­ýar. Bu gaý­duw­syz türk­men taý­pa­sy 1148 — 1285-nji ýyl­lar­da häzir­ki Eý­ra­nyň çäk­le­rin­de sa­lyr türk­men­le­ri­niň Sal­gyr­lar (salyr­lar) ata­beg­li­gi­niň we hä­zirki Tür­ki­ýä­niň gü­nor­ta­syn­da türk­men­le­riň Ga­ra­ma­no­gul­lary beg­li­gi­niň (1256 — 1483) düý­bü­ni tu­tup­dyr. Ki­çi Azi­ýada sel­juk­ly türk­men­le­riň Rum sol­tan­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gin­de hem sa­lyr­la­ryň aý­ra­tyn uly or­ny bo­lup­dyr.

Or­ta asyr­lar­da, beý­le­ki türkmen taý­pa­la­ry bi­len bir ha­tarda, sa­lyr türk­men­le­ri hem döwür­deş­le­ri­niň üns mer­ke­zin­de bo­lup­dyr. Bu türk­men taý­pa­sy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň, ta­ryh­çy­lar Ra­şid ad-Din weAbul­ga­zy­nyň eser­lerin­de hem-de «Dä­dem Gor­kut» ki­ta­byn­da öz be­ýa­ny­ny ta­pypdyr. Sa­lyr türk­men­le­ri ba­ra­da­ky çeş­me­le­re gör­nük­li gün­do­garşy­nas aka­de­mik W.W.Bar­told do­ly sel­jer­me be­rip­dir.

ХVI asyr­da Uz­bo­ýuň suwu­nyň ke­sil­me­gi ne­ti­je­sin­de dö­rän gu­rak­çy­lyk, bir­nä­çe türkmen taý­pa­la­ry bi­len bir­lik­de, sa­lyr­la­ryň hem öň­ki otu­ran ýerle­ri­ni taş­lap, Hy­wa han­ly­gy­na, on­dan soň Amy­der­ýa­nyň or­ta aky­my­na, Mur­gap jül­ge­si­ne, has soň­rak bol­sa, sa­lyr­la­ryň 1884-nji ýyl­dan gu­tar­nyk­ly orna­şan ýe­ri bo­lan Sa­rah­sa göçme­gi­ne ge­ti­rip­dir. Şe­ýe hem sa­lyr ila­ty Mer­ke­zi Azi­ýa, Gündo­gar Ýew­ro­pa, Or­ta we Ýa­kyn Gün­do­gar, Hy­taý we Hin­dis­tan ýa­ry­ma­da­sy ýa­ly kün­jek­lerde me­kan tu­tup, Öz­be­gis­tan, Ow­ga­nys­tan, Eý­ran, Yrak, Tür­ki­ýe, Rus­si­ýa, Hin­dis­tan we Hy­taý ýa­ly ýurt­la­ryň ýer-ýurt at­la­ryn­da öz­le­ri­niň yzy­ny galdy­ryp­dyr. Di­ňe Rus­si­ýa­nyň we Tür­ki­ýä­niň her bi­rin­de «sa­lar» ady­ny gö­ter­ýän oba-şä­her­le­riň we der­ýa­la­ryň on­lar­ça­sy bar. Hin­dis­ta­nyň Gün­ba­tar Ben­gali­ýa di­ýen ýe­rin­de Sa­lar at­ly şä­her hem bar.

Sa­lyr türk­men­le­ri­niň bir böle­gi Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bi­len gi­dip, 1370-nji ýyl­da birnä­çe tap­gyr­da Hy­ta­ýyň Gündo­gar Tür­küs­ta­ny­na (hä­zir­ki Sin­haý we­la­ýa­ty­nyň Sýun­huaSa­lar aw­to­nom uýez­di) gö­çüp ba­ryp­dyr­lar (Dowamy bar).

 

Tir­keş AMAN­ÝA­ZOW,

Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len

3-nji or­ta mek­de­biň ta­ryh mu­gal­ly­my.

«Türkmen dünýäsi» gazeti. № 16 (624) 2022-nji ýylyň 24-nji awgusty.

 

Meňzeş habarlar

08 Maý 2024 | 96 okalan

JOMARTLYK

06 Maý 2024 | 140 okalan

MYNAJAT HEM YNAMSYZLYK

04 Maý 2024 | 263 okalan

GARYPLYK HEM BAÝLYK HAKYNDA