GYZ-GELINLERIŇ ÝARAŞYGY – KETENI

Türkmen halkynyň döredijilik dünýäsi giň hem-de gözeldir. Şol döredijiligiň iň owadan nusgalarynyň biri-de ketenidir. Keteni – türkmen zenanlarynyň ýüreginden çykýan sungat, olaryň el ukybynyň, päkliginiň we mähriniň nyşanydyr. Türkmen gyz-gelinleriniň gözelligine, görküne we mertebesine has-da görk berýän zat – olaryň geýýän keteni lybaslarydyr.

Keteni dokamak sungaty, türkmen topragynda gadymdan bäri dowam edip gelýär. Gadymy döwürlerde ýüpekçilik giňden ösdürilip, türkmen zenanlary ýüpek sapaklaryny el bilen reňkläp, dürli nagyşlarda dokapdyrlar. Her bir nagyş, her bir reňk halkymyzyň durmuşyndan, ynanjyndan, arzuwyndan habar berýär.

Keteni – türkmen halkynyň ýüpek ýaly nepis, dag ýaly berk häsiýetleriniň özboluşly alamatydyr. Bu günki gün keteni, diňe bir geçmişimiziň nyşany bolman, häzirki döwrümiziň hem bezegidir.

Keteni – türkmen  halkynyň taryhynyň, sungatynyň we medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Onuň gözel nagyşlarynda halkyň dünýägaraýşy, ruhy baýlygy we döredijilik güýji jemlenendir.

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 42 okalan

GYZ-GELINLERIŇ ÝARAŞYGY – KETENI

06 Noýabr 2025 | 108 okalan

MILLI MIRAS — GEÇMIŞDEN GELJEGE YLHAM