TÜRKMEN ÝAŞLARYNYŇ TARYHY ÝEŇŞI

4-nji iýunda Özbegistanda geçirilýän futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy ikinji duşuşygyny geçirdi.

          Özbek paýtagtynyň «Bunýodkor» stadionynda geçirilen duşuşykda ildeşlerimiz Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşdylar. Gyzgalaňly geçen duşuşyk 2:1 hasabynda türkmen ýaşlarynyň peýdasyna tamamlandy.

          Oýnuň 8-nji minutda Alireza Bawieh Eýranyň milli ýygyndysyny öňe çykardy. Jogap goluny geçirmek üçin ildeşlerimiz uzak garaşmaly bolmadylar, has takygy milli ýygyndymyz jogap goluny oýnuň 28-nji minudynda garşydaşyň derwezesinden geçirdiler. Arzuwguly Sapargulyýewiň penaltiden girizen goly ildeşlerimiziň şu ýaryşdaky ilkinji goly boldy.

          Duşuşykda ildeşlerimiziň ikinji goluny 80-nji minutda Teýmur Çaryýew geçirdi. Wepa Jumayewiň beren ýardam pasyndan netijeli peýdalanmagy başaran oýunçymyzyň geçiren owadan goluna eýranly derwezeçi çäre tapmady.

          Şeýlelikde Türkmenistanyň ýaşlar boýunça milli ýygyndysy toparçadaky ilkinji 3 utugyny gazanmagy başardy we geçirilen iki duşuşykdan soň «A» toparçada ikinji orunda barýarlar.

          Ildeşlerimiz indiki duşuşygyny Kataryň milli ýygyndysy bilen geçirerler.

 

Amanmämmet NURMÄMMEDOW,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherininiň

ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň

bedenterbiýe mugallymy