Güneşe baý tomsuň gelmegi bilen çagalaryň durmuşynda aýratyn döwür — gyzykly başdangeçirmeler, şatlykly wakalar başlanýar. Ata Watanymyzda bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygynda uly aladalar bilen gurşalýar. Şoňa görä, ýaşajyk nesillerimiz dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglarynda terbiýelenip, orta mekdeplerde bilim alýarlar. Gyş, tomus möwsümlerinde ähli amatlyklary bolan döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Olaryň ruhy hem beden taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek üçin bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýär. Şeýle künjekleriň biri hem Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezidir.
Sergin saýaly mekanda körpeleriň sport bilen meşgullanmaklary, kitaphanada gyzykly eserleri okamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Şeýle hem bu ýerde tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda sportuň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli ýaryşlar guralýar. Sungatyň dürli ugurlaryndan baş çykarýan zehinleriň arasynda bäsleşikler, medeniýet we sungat ussatlary bilen duşuşyklar geçirilýär. Küşt, şaşka boýunça geçirilýän ýaryşlar bolsa aýratyn täsirli, gyzykly bolýar. Şeýle çäreler çagalary bir-biri bilen ysnyşdyrýar, dostlaşdyrýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary hökmünde, biz hem «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýörite meýilnama esasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guraýarys. Bu bolsa, birinjiden, körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, ikinjiden, olaryň sporta, bedenterbiýä höweslenmekleri üçin möhümdir.
Goý, abadan Diýarymyzda çaga gülküsi hemişe belentden ýaňlansyn! Munuň üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Mustafa DURDYÝEW,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
02.07.2020ý.