DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilelikde guramagynda yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine sylag gowşuryş dabarasy boldy.

Dabarada «Nesil» gazetiniň baş redaktory Artykguly Hojaberdiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ýazpolat Keriýew dagy çykyş edip, ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdiler. Ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine sylag gowşuryş dabarasy diýseň täsirli geçdi. Olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň tarapyndan ýörite gymmat bahaly sowgatlardyr Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Begmuhammet MEREDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 51858 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 17573 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 16485 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.