Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky 15-nji «Şöhle» çagalar bagynda terbiýelenýän uly topar çagalaryň arasynda etrap Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» ady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige TMÝG-niň etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni D.Rozykulyýewa, 15-nji «Şöhle» çagalar bagynyň uly toparynyň terbiýeçisi G.Hamdamowa gatnaşyp, çagalaryň surat çekişine syn edip baha berdiler. Bäsleşige gatnaşan çagalar öz başarnyklaryny görkezip, dürli görnüşdäki suratlaryň onlarçasyny çekdiler. Olaryň çeken suratlarynyň aglabasy çaga durmuşyndan söz açýar. Bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Çäreler
ÇAGALAR SURAT ÇEKMEKDE BÄSLEŞDILER
01 Aprel 2020
13640

Meňzeş habarlar
08 Iýun 2022
| 52175 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
Awaza
28 Maý 2022
| 17774 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
«Soňky jaň dabarasy»
29 Noýabr 2021
| 16640 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>