WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabat şäheriniň 96-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda, ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ar-namyslylygy, arassa ahlaklylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmak barada giňişleýin çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlaryň kämil bilim almagy, durmuşda özlerine mynasyp hünär saýlamaklary üçin uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýsenem DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Indiki makala

YNSAN WE TEBIGAT

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 23 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 26 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI