ŞANLY ÝYLA BAGYŞLANAN MASLAHAT

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň we orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmagynda «Ýaşlar — Watanyň buýsanjy» ady bilen maslahat geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň uly alada bilen gurşalyp alnandygy, olaryň kämil bilim almagy, hünär öwrenmegi, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda giň şertleriň döredilendigi dogrusynda gürrüň edildi, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenip geçildi. Onuň barşynda ýaşuly nesliň wekilleri ýaşlara watansöýüjilik, maşgala mukaddesligi, zähmete söýgi, ahlak päkligi, sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Täsirli geçen maslahata gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar hakdaky bimöçber aladalaryna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Begli MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 54 okalan

PAGTAÇYLARA RUHY LEZZET PAÝLAN DABARA

04 Noýabr 2025 | 65 okalan

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

01 Noýabr 2025 | 207 okalan

TARYHY WAKANYŇ ŞANYNA GEÇEN SÖHBETDEŞLIK