«WATANÇY ŞAHSYÝETLER ÝAŞLAR ÜÇIN NUSGADYR»

Şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Hatyra güni mynasybetli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi. Öten-geçenleri hatyralamak, ýaşlarda watansöýüjiligi ösdürmek maksady bilen guralan bu söhbetdeşligi «Arkadag» teleýaýlymynyň alypbaryjysy Kasym Küläýew alyp baryp, onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň esasy hünärmeni Mämmedaly Orazaliýew, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Goçmyrat Gurbandurdyýew, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Baýramgeldi Annamyradow dagy çykyş etdiler.

Durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi, bagty ugrunda dürli jeňlerde, söweş meýdanlarynda gahrymançylykly hereketleri bilen halkyň hakydasynda galan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde wepat bolanlar baradaky söhbetler çykyşlaryň özenini düzdi. 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe – ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň çeken yhlasly zähmeti, türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary dogrusyndaky gürrüňler bolsa, beýik şahsyýetiň adyny göterýän Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde buýsançly beýan edildi.

Şeýle hem çykyş edenler geçmişiň agyr wakalaryny ýatlap, öz gahrymanlary baradaky ýagşy ýatlamalaryny hemişe ýüreginde saklap, olaryň geçen ýoluny nesiller üçin görelde mekdebine öwürmek, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly asylly maksatlary döwlet syýasatynyň möhüm bölegine öwren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan döwletli işleri üçin alkyşlaryny aýtdylar.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň

bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Oktýabr 2025 | 31 okalan

MERTLERIŇ HATYRASY BELENT TUTULÝAR

02 Oktýabr 2025 | 198 okalan

ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNÜNE BAGYŞLANDY