Düýn Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahatda täsirli çykyşlar edildi. Olarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşuly nesillerimiziň hukuklaryny goramakda hem-de jemgyýetdäki ornuny has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ulusyny sylamak, kiçisini söýmek häsiýeti halkymyzyň ganyna, süňňüne ornaşan milli häsiýetlerdir. Hut şonuň üçin-de halkymyzda «Ýaşulusy bolmadygyň, ýaşkiçisi bolmaz», «Sen sylasaň garryny, Taňry sylar baryňy», «Ýigit – söweşde, garry – geňeşde», «Ata barynda – ogul ýaş, aga barynda ini ýaş», «Ata razy – Hudaý razy. Ene razy – pygamber razy» ýaly güýç-gorabasy uly nakyllary döredipdirler hem-de nesillerini şol ruhda hem terbiýeläpdirler.
Ýaşulularyň döwletli maslahatlary türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň esasy mekdepleriniň biri bolup hyzmat edip gelýär. Hut şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletli işiň başyna baranlarynda ilki bilen ýurdumyzyň ýaşuly nesilleriniň wekilleri bilen duşuşup, olara sala salýarlar.
Taryhy maglumatlara ser salanymyzda türkmen halkynyň aksakal ýaşulularyna aýratyn hormat bilen garap, olaryň baý durmuş tejribesine daýanandygyna göz ýetirýäris. Häzirki taryhy döwürde hem bu hakykat ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeläp, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, agzybir we jebis halkymyzyň öz belent gymmatlyklaryna we ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlylygynyň aýdyň beýanyna öwrülýär.
Bular barada aýtmak bilen, çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmençilik ýol-ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler üçin köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Täsirli çykyşlardan soňra bu ýerde baýramçylyk mynasybetli oňa gatnaşyjy ýaşuly nesliň wekillerine toý sowgatlary hem gowşuryldy. Şirin aýdym-sazlara beslenen dabaranyň joşguny has-da ýokary boldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.