ÝAŞLAR INNOWASION TEHNOLOGIÝASYNY ÖZLEŞDIRÝÄR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, Akdepe etrabynyň 93-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda sanly tehnologiýa ulgamyndan we innowasion serişdelerden peýdalanmagyň medeniýeti barada düşündiriş işlerini alyp barmak maksady bilen söhbetdeşlik çäresini geçirdi.

Çykyşlarda internet durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip, ony aragatnaşyk, iş, güýmenje we başga-da köp maksatlar üçin ulanylýandygyny, interneti ulanmagyň amatlylygy bilen bir hatarda howplary, maglumatlaryň gizlinligini bozmak ýaly howplar hem ýüze çykarylýandygy, gaýry saýtlara girmezlik we diňe gerekli maglumatlary ulanmaklyk barada ýaşlara giňişleýin düşündirildi.

Çärä gatnaşanlar asuda Watanymyzda sanly ulgamyň ösýän döwründe internetden netijeli peýdalanyp Watanymyza, halkymyza gerekli, bilimli, ylymly ýaşlar bolup ýetişmekleri barada düşündirdiler we öz halkyny ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Şamyrat NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Sentýabr 2025 | 47 okalan

SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 59 okalan

MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 41 okalan

AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI