BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ ŞUGLASY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň Täze ýol geňeşliginiň Bitaraplyk şäherçesinde «Bitaraplyk — parahatçylygyň şuglasy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Çäre Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlup, ulanylmaga berlen “Bitaraplyk” şäherçesiniň açylmagy mynasybetli geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler gün-günden gülläp ösýän gözel ýurdumyzyň ösüşleri, şanly seneleri, taryha altyn harplar bilen ýazyljak ajaýyp wakalar, döwrebap “Bitaraplyk” şäherçesiniň açylyş dabarasy barada şeýle hem, şäherçede ýerleşýän orta mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda merkezleriniň, toý mekanlarynyň ilatyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Şamyrat PIRMÄDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

30 Sentýabr 2025 | 48 okalan

SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 59 okalan

MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 41 okalan

AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI