HALK MASLAHATY — DEMOKRATIÝANYŇ MILLI NUSGASY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan içeri we daşary syýasatyny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen «Halk Maslahaty — demokratiýanyň milli nusgasy» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Halk maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilmegine gönükdirilen taýýarlyk işleri, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygy baradaky çykyşlara giň orun berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nurýagdy GALPAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Sentýabr 2025 | 50 okalan

SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 62 okalan

MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 44 okalan

AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI