Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň guramagynda Gubadag şäher medeniýet merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bagtymyzyň şuglasy» atly şygar astynda aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň her bir güniniň ösüşlere, şanly senelere, täze üstünliklere beslenýändigini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beýik türkmen halkyna baky bagtyýarlygyň kepili bolan, ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuw eden berkararlygyny uly buýsanç bilen bellediler.
Baýramçylyk çäresinde Gubadag şäher medeniýet merkeziniň ýaş estrada aýdymçylarynyň, tansçy toparlarynyň, çagalar sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň joşgunly çykyşlary baýramçylyk dabarasyna özboluşly bezeg berdi.
Parahat SABIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň
Gubadag şäher bölümçesiniň baş hünärmeni.