Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 1-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda körpeleriň gatnaşmagynda “Ýol hadysalaryndan ägä boluň!” atly köçe-ýol hereketi boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu çärede çagalara köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek ündeldi we ýoldan geçilende ünsli bolmak sahnalaryň üsti bilen görkezildi. Mundan başga-d,a bu ýerde bagtyýar körpeler özleriniň taýynlan goşgulary, aýdymlary hem-de türkmen halk ertekileriniň parçalaryndan taýýarlan sahnalary bilen çykyş etdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwürýän, çagalaryň döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gunça SAPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.