MEKDEP BAZARLARY HALKYŇ HYZMATYNDA

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatymyzda hem 1-nji awgustdan başlap 5-nji sentýabra çenli dowam etjek mekdep bazarlary öz işlerini gyzgalaňly depginde alyp barýar. Mekdep bazarynda mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar üçin gerek bolan kanselýariýa harytlary, ýantorbalar, döwrebap we rahat aýakgaplar, sport eşikleri hem-de milli lybaslar ilat köpçüligine hödürlenilýär. Bu bolsa okuwçylaryň, talyp ýaşlaryň gerekli esbaplar bilen doly üpjün ýagdaýda täze okuw ýylyna girişip biljekdikleriniň subutnamasydyr. Alyjylara hödürlenilýän harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilendigi, hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanýandygy has-da buýsandyryjydyr.

Eziz Diýarymyz ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriniň döredilen ýurdudyr.

Ýene sanlyja günlerden ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gadamyny basjak çagalara Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň adyndan ajaýyp sowgadyň «Bilimli» haryt nyşanly noutbuklary sowgat bermek eýýäm ýylyň-ýylyna ajaýyp däbe öwrüldi. Bu bolsa hakykatdan hem ata Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň ýurdudygyny aýdyň görkezýär.

Ogulsapar JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Awgust 2025 | 5 okalan

MEKDEP BAZARLARY HALKYŇ HYZMATYNDA

22 Awgust 2025 | 5 okalan

GYZYKLY DUŞUŞYK GEÇIRILDI