GYZYKLY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Ýakynda Kerki etrabynyň 2107 harby bölüminde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň, Kerki etrabynyň 2107 harby bölüminiň we Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda şu ýylyň 4-8-nji awgust aralygynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen etrabyň 2107 harby bölüminde zähmet çekýän harby gullukçylaryň we esgerleriň gatnaşmagynda «Türkmenistan — eziz ýurdum nazarynda dünýäniň» atly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Oýdin Aşirowa, Kerki etrap merkezi kitaphananyň kitaphanaçysy Gülşirin Hydyrowa, 2107 harby bölüminiň harby gullukçysy, kapitan Baýram Mämmäýew dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda forumyň durnukly ösüşi gazanmakdaky, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmekdäki, ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eşretli, asuda, parahat durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Awgust 2025 | 4 okalan

MEKDEP BAZARLARY HALKYŇ HYZMATYNDA

22 Awgust 2025 | 5 okalan

GYZYKLY DUŞUŞYK GEÇIRILDI