«AHAL» FUTBOL TOPARY TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONATYNYŇ ÜÇÜNJI AÝLAWYNY ÝEŇIŞ BILEN BAŞLADY

Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» toparyny 2:0 hasabynda utan «Ahal» topary  ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýyldaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyny ýeňiş bilen başlady.

Duşuşyk paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň birinji ýarymynda Nazar Towakelowyň (11-nji minutda) we Magtymguly Berenowyň (27-nji minutda) geçiren gollary Türkmenistanyň wise-çempionyna ýeňiş getirdi.

Şu duşuşykdan soň «Ahal» topary 31 utuk bilen ýaryş sanawynyň ikinji ornuny eýeleýär we «Arkadag» toparyndan 14 utuk yza galýar.

Milli çempionatyň üçünji aýlawyna taýýarlyk döwründe «Ahal» toparynyň düzümine käbir üýtgeşmeler girizildi. Topardan derwezebanlar Rahat Japarow, Seýran Aşyrow hem-de meýdança oýunçylary Gurbandurdy Esenow, Ybragim Amangeldiýew, Begmyrat Baýow, Daýanç Meredow we Igor Sekow dürli sebäplere görä gitdiler. Olaryň ýerine derwezeban Gurbangeldi Garaýew hem-de meýdança oýunçylary Amir Gurbani, Süleýman Mirzoýew («Şagadam» toparyndan), Bäşim Gurbanberdiýew, Oraz Orazow («Aşgabat» toparyndan), «Arkadag» toparyndan kärendesine Enwer Annaýew we Russiýanyň medialigasynda çykyş eden «Lotus Music» toparynyň öňki 25 ýaşly goragçysy Oraz Ataýew geldi.

Häzirki wagtda «Ahal» topary 13-nji awgustda Täjigistanyň Tursunzade şäherindäki «TALKO» stadionynda «Regar-TadAZ» topary bilen geçirjek AFK-2 Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşygyna taýýarlyk görýär. Bu duşuşygyň ýeňijisi AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna, ýeňilen topar bolsa AFK Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşar.

«Ahal» – «Nebitçi» toparlarynyň duşuşygy bilen Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyry başlanar. Tapgyryň dowamyndaky duşuşyklar: «Arkadag» – «Köpetdag», «Şagadam» – «Merw» we «Altyn asyr» – «Aşgabat».

turkmenistan.gov.tm