«ÝAŇLAN, DIÝARYM! — 2025» ATLY TELEBÄSLEŞIGIŇ AHAL WELAÝAT TAPGYRY GEÇIRILDI

Ýakynda Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň öňündäki meýdançasynda «Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky döredijilik bäsleşiginiň çäginde geçirilmegi däbe öwrülen telebäsleşigiň nobatdaky tapgyryna onuň etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçylar gatnaşdy.

Aýdymçy ýaşlar sahnada joşgunly aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Olaryň Watan, beýik döwrümiz, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, eşretli durmuş, ýaşlyk we söýgi hakdaky joşgunly aýdymlary göwün göteriji duýgulary döretdi. Olaryň ýerine ýetiren türkmen halk we estrada aýdymlary gyzgyn garşylandy.

Bäsleşigiň emin agzalary ýaşlaryň çykyşlaryna mynasyp baha berdiler. Şeýlelikde Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň ýaşaýjysy, harby gullukçy Alparslan Ýusubow, Tejen etrabynyň Göniamaşa obasynyň ýaşaýjysy, çeper höwesjeň Jumamyrat Sapargylyjow ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşini hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Gülälek ORANÝAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.