ÝAGŞYLYGYŇ AÇARY

Mahmyt Gaznaly özüniň eý görýän akylly wezirleriniň birini ýanyna çagyryp: «Göwnüm joşup duran mahaly, haýyşyň, hajatyň bar bolsa, sora» diýipdir. «Soltanym, seniň husytlygyňdan howatyr, baýlygyňdan tama edemok. Siziň saýaňyzda şu günüm düýnümden has gowy, ertirimiň bu günümden has ajap boljakdygyna umyt edýärin. Hiç hili üýtgeşik hyzmat görkezmezden şeýle derejelere ulaşmagym, siziň huzuryňyzda peýda bolmagymyň özi uly zat. Eger-de buýrugyňyza boýun sunup, nämedir bir zady soramaly bolsam, onda siziň hyzmatyňyzdaky bu biçäre bendäňize söýgi-mähir bilen bakmagyňyzy we ynanmagyňyzy sorardym!» diýipdir.

 «Mähir we ynam baýlyk däl, «al» diýip, bagyş eder ýaly; ol dereje-wezipe hem däl, soltan tarapyndan paýlanar ýaly; mähir-muhabbet, ynam, ygrar diňe gowy zatlara sebäp bolmak bilen gazanylýar» diýip, soltan dillenipdir.

«Onda şeýle gowy zatlara sebäp bolmagym üçin siz mümkinçilik dörediň» diýip, wezir salyhatlylyk bilen dillenipdir.

«Sen näme üçin egsilmez baýlyk, mal-mülk diläp bilýärkäň, bir adamyň ynamyny ileri tutduň?» diýip, Mahmyt Gaznaly wezirinden sorapdyr.

«Çünki ähli haýryň, gowulygyň gözbaşynda ynam we söýgi ýatyr. Ol ýagşylyklaryň açary we ýamanlyklaryň öňüni baglaýjydyr» diýip, akylly wezir jogap beripdir.

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan

Meňzeş habarlar

22 Iýul 2025 | 40 okalan

ÝAGŞYLYGYŇ AÇARY

21 Iýul 2025 | 87 okalan

SARAHS GALASY TARYHY MIRAS

18 Iýul 2025 | 91 okalan

MILLI «AK BUGDAÝ» MUZEÝI