SARAHS GALASY TARYHY MIRAS

Şöhratly türkmen topragynda müňýyllyklaryň yzyny saklaýan, möhüm orun eýeleýän galalaryň biri hem Sarahs galasydyr. Bu gala diňe bir harby taýdan goranyş maksady bilen gurlan bolman, eýsem, söwda-ykdysady, medeni we dini merkez hökmünde hem taryhy ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän bu gadymy gala asyrlaryň dowamynda dürli döwürleriň wakalaryna şaýatlyk edipdir.

Sarahs şäheriniň taryhy Orta Aziýanyň gadymy medeniýet merkezleriniň biri hökmünde tanalýar. Bu ýerde gadymy zamanlarda «Horezm-Margiana» medeniýeti ýaýran bolup, Sarahs hem şol medeni giňişlikde möhüm orun eýeläpdir. Sarahs Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, dürli ýurtlaryň söwdagärleriniň we syýahatçylarynyň üsti bilen medeni, ykdysady we dini gatnaşyklaryň özenine öwrülipdir.

Sarahs galasy baradaky ilkinji maglumatlar orta asyrlara degişlidir. Galanyň gurluşyndaky esasy aýratynlyk – onuň köne çarçuwa görnüşinde we palçykdan gurlandygydyr. Sarahsyň halkara söwdasynyň aýlawyna goşulmagy onuň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine amatly täsir edýär. Şol döwürde Sarahs umumy meýdany 120 gektardan, töwereginden 12 metr ýokaryk galdyrylan, 340×560 metr uzynlykda berkidilen şähristanly gür ilatly uly şähere öwrülýär. Gala ýokary diwarly, burçlarynda diňleri bolan bir gurluş hökmünde döredilipdir. Şeýle görnüşli galalar şol döwürde şäherleri duşmanlardan goramak üçin giňden ulanylypdyr.

Gala türkmen halkynyň taryhy mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, häzirki döwürde hem öz gymmatyny saklaýar. Sarahs galasynyň öwrenilmegi, goralmagy we wagyz edilmegi häzirki we geljek nesiller üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Gyzlargül ANNAGURDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Iýul 2025 | 17 okalan

SARAHS GALASY TARYHY MIRAS

18 Iýul 2025 | 78 okalan

MILLI «AK BUGDAÝ» MUZEÝI

18 Iýul 2025 | 35 okalan

JOMARTLYK